kiriş

  1. Saz gurallarynyň tary, simi.

    • Bu çalýan sazymyň hoş owaz berşi Perdesi kümüşdir, polatdyr kirşi. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Tamdyranyň kirşi çig ýüpekden işilýär.

  2. Ýaýyň kirşi zarňyldap durdy.

    • Gaty çekip ýaýyň kirşini üzmek.

  3. Gurluşykda diwarlary göni salmak üçin we ş. m. işlerde ulanylýan, gazyjaklary dartdyrylyp berkidilýän ýüp.

    • Gowaça hatarlary kiriş çekilen ýaly gönüdi. («Pioner» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem kiriş - kirşi.