kireý

Ulag bilen edilen işiň haky ýa-da wagtlaýyn alnan jaý, mal üçin berilýän töleg.

  • Kireýine tutup üç düýe, Özüne ýeten ojary, Bazara äkitdi daňdan, Ýene-de çekip ejiri. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Kireýsiz kilim kakylmaz. (nakyl)

  • Guş ganatyndan kireý islemez. (nakyl)

diliňden kireý islemek

Aýtmaly zady aýtman saklanmak.