kiparlamak işlik

[kiparlamak]

Ýuwaşamak, peselmek, haýallamak, gowşamak.

  • Daň atmaga az galandyr diýlip çaklanýardy, çabga kiparlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Daşarda harasat, ol güýjemese, kiparlamaýardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)


Duş gelýän formalary
  • kiparlady
  • kiparlajakdy
  • kiparlamadyk
  • kiparlamaýardy
  • kiparlan
  • kiparlandan
  • kiparlanlygy
  • kiparlanok
  • kiparlansoň
  • kiparlap
  • kiparlapdy
  • kiparlaýardy