kilim

Haly ýaly ýüwürdilip, erşiniň içinden iki gat argaç geçirilip dokalýan düşek.

  • Sandygynyň içinde kilime dolangy bir zat ýatan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Gara öýüň göwşüllän kilimini serpip, onuň içinden bir ýigit çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Kireýsiz kilim kakylmaz, ojaksyz öýe bakylmaz. (nakyl)