kişde

  1. Guradylan erik.

    • Olaryň elinde kişde ýa-da hoz göräýdigi, bar ondan soň gözi açylýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ol aýal-gyzlar öýlerine gaýdanlarynda bolsa: -- Çagalaryňyz, jigileriňiz hem agyzlaryny süýjütsinler -- diýip, gant, nabat, kişde pisse diýen ýaly zatlardan her birine bir düwünçek sowgat hem berip goýberdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Umuman guradylan ir-iýmiş.

    • Pomidor kişdesi. Alma kişdesi.

kişde ýaly bolmak

Horlanmak, arryklamak.


Duş gelýän formalary
  • kişdeden
  • kişdeleri
  • kişdelerini
  • kişdeli
  • kişdesem
  • kişdesi
  • kişdesidir
  • kişdesinden
  • kişdesindenem
  • kişdesini
  • kişdesiniňem
  • kişdämizden