kişňemek işlik

Sazlaşykly, çirkin ses çykarmak (at hakynda).

  • Göýä meni mün diýýän dek kişňeýär, Her biriniň tutulanda atlary. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Düýe bozlap, at kişňäp, janlylyk döredi daşda. (R. Seýidow, Wagtlylar)

  • Dar jülgänyň içinde ýeke goýup gaýdan aty ýekesiräp kişňeýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • kişňedi
  • kişňemegi
  • kişňemegiň
  • kişňemek
  • kişňeseň
  • kişňeýän
  • kişňeýär
  • kişňeýärdi
  • kişňeýärdiler
  • kişňeýärkä
  • kişňeýärler
  • kişňän
  • kişňände
  • kişňäp
  • kişňäpdir
  • kişňär
  • kişňär-de
  • kişňärli