kiçilik

  1. Göwrümi kiçi bolmaklyk, uly dällik.

    • Palto oňa kiçilik etse gerek.

  2. Göçme manyda Göwni peslik.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kiçilik - kiçiligi.

kiçilik bilmek

Özüňe uslyp bilmezlik, bir işi özüňe mynasyp görmezlik.

  • Mister Braýn Ahmediniň gubernatorlygy özüne kiçilik biljegini aňýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

  • Aşaky gulluklarda işlemegi kiçilik bilmek.