Kiçi etmek, göwrümini öňküsinden hem kiçi etmek.
Aşak düşürmek, peseltmek, aşaklatmak.
Onuň wezipesini kiçeldipdirler.
Dar we kelte etmek, daraltmak.
Paltomy kiçeltdim.
Göçme manyda Ruhdan düşürmek, peseltmek.
Bolgusyz gürrüňler adamy kiçeldýär.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem kiçeltmek - kiçeldýär, kiçelder, kiçeldipdir.
seret göwre
Uly göwresini kiçeldip, boýun egip gelen adamyny bagyşlamazlygy Türmençilik kadasyna sygmaz hasap etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)