kethudalyk

[kethuda:lyk]

Kethuda bolmaklyk, geňeşdarlyk, ýaşululyk, aksakgallyk, baştutanlyk, kähudalyk.

  • Kethudalygy, aksakgallygy öz ellerine alan Pirguly başlyklaýyn süýthorlar, baýlar suwumyzyň alkymyna çykdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kethudalyk - kethudalygy.