ketek

  1. Towuk, it we ş. m. üçin salnan jaý.

    • Göreniň keteginde towuk goýmady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Meniň towuklarym juda köpelip gitdi, indi maňa ýörite ketekler, giň jaýlar gurap beriň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • It ketegine kürsäp urdy.

  2. Gepleşik dili Kiçijik, ýaramazja ýasaýyş jaýy, öý.

    • Her kim ketekli-ketegine dargady.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ketek - ketegi.