kesmek1 işlik

  1. Ýarag bilen bölmek, bitin zatdan bölüp aýyrmak, bölek-bölek etmek.

    • Daşdan kesip zat ýasamak boýunça örän ussat ussalar bolupdyr. (Orta asyrlar taryhy)

  2. Ýara sarmak, dilmek.

    • Pyçak onuň elini kesdi.

  3. Dilim-dilim etmek, ýarmak.

    • Kerim kesjek bolup duran kyrkgünlügini goýup, ylgap kakasynyň ýanyna geldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Ujundan tutup alyp galmak, tutup saklamak.

    • Aýlygymdan on manat kesipdirler.

  5. Bes etmek, goýmak, üzmek.

    • Denis gözüni gyrpyldatmagyny kesýär. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Oglanlar takyr meýdançanyň daşyndan aýlanmaga başladylar. Mugallym yzyny kesmän: 1-2-3 -- diýip, gapdallaryndan gygyryp barýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  6. Medisina Operasiýa etmek, ýaryp bejermek.

    • Meni diňe Gadam kessin, diňe Gadam kessin. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

  7. Çapyp aýyrmak, çapmak.

    • Tut kesip duran wagty, gapdalyndaky ýol bilen geçip gidipdirler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  8. Pyçak bilen çalmak, öldürmek.

    • Gan içen jellatlar pyçagyn ýalap, Kän kelle kesdiler köne döwürde. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Başyny kesseň, jany ýok, çagasynyň sany ýok. (Matal)

akyl kesmek

seret akyl

aýagyny kesmek

seret aýak

  • Ol näme üçin bizden aýagyny kesdikä?

baha kesmek

seret baha

  • Syn edip Baýjanyň inçe işine, Her bir reňkine bir baha kesdi. (A. Atajanow, Iki poema)

gözüň kesmek

seret göz

iş kesmek

seret

kesip geçmek

Göni geçip gitmek, gabatlap geçmek, üstünden geçmek.

  • Keýikler ýoly kesip geçdiler. («Mydam Taýýar» Gazýeti)

  • Olar biziň öňümizi kesip geçdiler.

ýol kesmek

seret ýol

kesmek2

  1. Köplenç ýaranyň ýüzünde emele gelýän gaty gabyk.

    • Ýara kesmek baglapdyr.

  2. Käbir nahar bişirilende, gazanyň düýbünde galýan ýanyk galyndy ýa-da emele gelýän gatlak.