kese

  1. Gorizont tekizligine parallel ýerleşýän, dik däl, gyşyk gorizontal.

    • Onuň ýolunyň üstünde ýogyn pürsi kese goýan bolsam, ine, onda ähtimal. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

    • Çagany kese halda tutman, has dikräk halda tutmak gerek. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  2. Başga, özge, ýat.

    • Kese ýerden gelenler üçin bellenilen jaýda biz tiz ýerleşdik. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  3. Zolak bolup giden, tutuş.

    • Köprüden aňyrsy kese giden odynlyk ýer.

  4. Kömekçi at rolunda.

    • Ak pagtanyň kesesinden giripdir. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Obanyň kesesinde durup seretseň, bütinleý gök öwüsýär.

kese çyzyk

seret çyzyk

  • Gepleşikde. (Dialoglarda)

  • Her bir adamyň sözüniň öň ýanynda kese çyzyk goýmaly.

kesä çekmek

Gepi-gürrüňi başga ýana sowmak.

  • Aýsoltan ejesiniň aýdanyny kesä çekip, onuň sözüni aýratyn geňirgemek bilen gep urdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

ýüzüňi kesä sowmak

Nägile, göwnüýetmezçilik we ş. m. zerarly ýüzüňi bir gapdala sowmak.

  • Başlyk kinaýaly ýylgyrmak bilen ýüzüni kesä sowup sorady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)