kesdirmek işlik

  1. Kesmäge bermek, kesim-kesim etdirmek.

    • Bir zuwala hamyry aş bişirmek üçin kesdirmek.

  2. Ýiti ýaraga endamyňy dildirmek, ýaralatmak.

    • Päkä kesdirmek.

    • Eliňi pyçaga kesdirmek.

  3. Öldürtmek, çapdyrmak, soýdurmak.

    • Inisin çagyryp, kesdirdi goýun, Garamazdan gijigenligne günüň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Ýardyryp, dildirip bejertmek, operasiýa etdirmek.