kersen

Agaçdan içi oýulyp ýasalýan uly çanak.

  • Mawy ortaky öýden bir kersen düýe süýdüni alyp çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Öňki tallar kersen bolup, Köp obalar goýup-göçen. (R. Seýidow, Bagtlylar)

tur-otur, kersen getir etmek

Her hili ownuk (içeri) işde ulanmak, öýdeniçer ýaly etmek, dürli hyzmaty, ýumşy etdirmek.

  • Ony «tur-otur, kersen getir» işlerinde ulansa-da, aýlygyny öz hojalygynda harçlamaklygy başarýar. («Tokmak» žurnaly)