[kepi:llik]
Biriniň etmeli işi hakynda öz üstüňe alynýan jogapkärlik ýagdaýy, zamunlyk.
Prawleniýe çlenlerinden biri şaýatlyk kepilligini berenden soň, ony kolhoza götermeli edildi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem kepillik - kepilligi.