kepek ke‧pek

Üwelen dänäniň elenenden soňky galýan bölejikleri, gabyklary.

  • Men towşanlary bede, şugundyr, kepek we nahar galyndysy bilen günde bäş wagtyna naharlaýaryn. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Bu gapdaky näme-de bolsa, suwa gaýnan kepege meňzeş bir zatdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kepek - kepegi.


Duş gelýän formalary
  • kepege
  • kepegi
  • kepegi-de
  • kepegini
  • kepeginiň
  • kepegiň
  • kepegiňki
  • kepekde
  • kepekden
  • kepekler
  • kepekleri
  • kepekli