kemlik

San, mukdar taýdan ýetmez derejede bolmaklyk, azlyk, ýetmezlik.

  • Dur gözelim, bäri gel, Bize bir nazaryň sal, Kimlerden kemligim bar, Jogabyn ber şu mahal. (Ş. Boržakow, Kaspi kenarynda)

  • Işçi güýji kemlik edýär.

  • Ýorgana mata kemlik edýär.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kemlik - kemligi.