kemçilik at

Işde, mehanizmlerde we ş. m. bolýan näsazlyk, ýetmezçilik.

  • Äşgär bolsun zähmetkeşiň özüne, Her bir kemçilige ýarar tygşytlyk. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

  • Işiň ýerine ýetirilişinde hiçbir kemçilik tapmadylar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kemçilik - kemçiligi.