Könelişen söz Dört suw, ýagny on iki sagatlyk suw nobaty.
Bir keleme suwuň bolsa, iki ýylda baý bolsarsyň. (Çary Aşyr, Poemalar)
Dini söz Musulmanlyk şertini kesgitleýän Gurhandan alnan bir sitata we onuň ady.
Söz, sözlem.
Delminip bäş keleme söz aýdar gerek. («Görogly» eposy)
Dini söz Dine ynanýandygyňy subut etmek üçin ýörite aýdylýan sözleri sesli aýtmak.
Her top sesi çykanynda, Nazbaý yzly-yzyna kelemesini öwürýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)