kejebe

  1. Gelin alnanda, gelin düýä mündürip alyp gaýtmak üçin ýörite agaçdan ýasalýan üsti dört tarapa ýapgyt enjam.

    • Gaty kän günler ýöräp bir çölüstanlyga ýetenlerinde, gözüne bir kejebe göründi. («Görogly» eposy)

  2. Hala salynýan nagşyň bir görnüşi.

    • Öňler «kejebe» gölüni hala salardyk. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

kejebän garyşmak

Bir zada gaharyň gelmek, ganyň gyzmak; bulaşmak, çaşmak.

  • Ylaýta-da Aýtagyň öz dilini oýnatmagy onuň kejebesini garyşdyrdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)