Hiç kimiň aýdan -- diýenine gulak asmaýan, öz diýenini edýän, kesir.
Her şeýle kejeňegi hem yryp bolarmy. («Türkmen pýesalary»)
Adam diýeniň beýle garagol, kejeňek bolmaz. («Görogly» eposy)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem kejeňek - kejeňegi.