Anatomiýa Arkanyň ýokary tarapynda ýerleşýän ýasy, kepjä meňzeş süňk, pilçe.
Onuň kebzesi edil ýumak goýlan ýaly tüňňerip dur. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Kebze agyrmak.
Kebze batmak.
Gepleşik dili Arka.
Iki aýak haýwan geldi gum peşäp, Biz urýas, ol gaçýar kebzesin gaşap. (Çary Aşyr, Poemalar)
Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan, Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy. (G. Ezizow, Saýlanan eserler)