kebeleklemek işlik

  1. Gaýmalamak, pelpellemek, uçganaklamak.

    • Bir gezek, gyşyň aýazly säher çagynda, gar kebelekläp ýagyp durka, men suw getireýin diýip guýa tarap ugradym.

    • Ertir turanymyzda, gar kebelekläp ýagýardy.

  2. Daşynda aýlanmak, yhlas bilen birine hyzmat etmek, gulluk etmek, pyrlanmak.

    • Şepagat uýasy syrkawyň daşynda kebelekläp ýördi.

  3. Gözüň oňi uçganaklamak, ümezlemek.

    • Ýerimden turanymda, gözümiň öňi kebelekläp başlady.