kebelek ke‧be‧lek

Zoologiýa Mör-möjekler toparyna girýän goşa ganatly dürli reňkdäki kiçijik jandar.

  • Hoştap gyzgynly howanyň ýüzünde kebelekler, möjejikler güzzüldi turuzýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ot kebelegi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kebelek - kebelegi.

daşynda kebelek bolmak

Yhlas bilen birine hyzmat etmek, gulluk etmek, daşynda pyrlanmak.

  • Iýjegini, geýjegini taýýar edip, enem ikimiz daşynda kebelek bolmaly hem bolsa boljak. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • kebelege
  • kebelegem
  • kebelegi
  • kebelegine
  • kebelegini
  • kebeleginiň
  • kebelegiň
  • kebelekdir
  • kebelekler
  • kebeleklerden
  • kebeleklere
  • kebelekleri
  • kebeleklerine
  • kebeleklerini
  • kebelekleriniň
  • kebelekleriň
  • kebelekmidir