keşp

Ýüz sypaty, şekili, daş görnüşi.

  • Bu sözlerden soň, onuň ýüz keşbini göz öňüne getirmek kyn däl. («Tokmak» žurnaly)

  • Kakasynyň keşbi hiç wagt onuň gözüniň öňünden gitmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem keşp - keşbim, keşbiň.