keýp at

Içki duýgy ýagdaýy, bir zatdan alynýan lezzet, hezillik, sapa.

  • Ol barýanlaryň keýpleri kök, ruhlary şat. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

keýp bermek

Hezil bermek, şatlandyrmak, gülüşdirmek, göwün açmak.

  • Bu bolsa oňa keýp berýärdi, göwnüni göterýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

keýp çekmek

Hezilli, lezzetli oturyşmak, wagtyňy hoşlamak.

  • Siz keýp çekiň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

keýpden çykmak

Hezil etmek, ýadaýançaň oýnamak, görmek we ş. m.

  • Ol bu sapar möjekleri kowmak keýpinden çykmagy ýüregine düwen bolara çemeli. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

keýpi bozuk

Göwni şat däl, tukat.

  • Keýpimiň bozuk wagtynda sen meni güldürdiň! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

keýpi kök

Mes, wagty hoş, şähdaçyk.

  • Keýpiniň kök mahallary ol käte aýdyma hem hiňlenerdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

keýpini uçurmak

Keýpini bozmak.

keýpiň kelläňde

Näme etseň özüň bil, isläniňi et.

keýpiňi köklemek

Wagtyňy hoşlamak, göwni açmak, götermek.

  • Ýolagçylar çaý-suwdan keýplerini köklediler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

keýpiňi sazlamak

Keýpiňi kök etmek.