keç keç

  1. Öz diýenini edýän, kesir keçjal.

    • Keç gylykly oglan.

    • Keç adam.

  2. Ugruna däl, ters nädogry.

    • Kejine gaýdaýsaň, almytyň nagt. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Indi dogry dört ýyl bäri, Meniň işim çekýär keje. (Çary Aşyr, Poemalar)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem keç - kejim, kejiň.


Duş gelýän formalary
  • keje
  • keji
  • kejime
  • kejinden
  • kejine
  • kejiňe
  • keçden
  • keçdigini
  • keçdir
  • keçje
  • keçlige
  • keçliginden
  • keçligini
  • keçlik