kakylmak işlik

  1. Üstünden urulmak, urulup girizilmek.

    • Diwara çüý kakyldy.

  2. Tark-tark edilip urulmak (gapy barada).

    • Şol arada birden gapy kakyldy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

    • Içki gapy ýuwaşjadan kakyldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Urlup tozany aýrylmak, silkilmek.

    • Keçeler kakyldy.

  4. Silkilip gaçyrylmak, yralanyp ýere düşürilmek.

    • Erikleriň hemmesi kakyldy.

  5. Garbap alynmak, birdenkä silkip alynmak.