kakmak işlik

  1. Üstünden urup girizmek, üstünden urmak.

    • Gazyk kakmak.

  2. Urup tarkyldatmak, tarkyldyly ses çykarmak.

    • Ynha otyryn weli, biri gapyny kakýar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  3. Urup tozanyny aýyrmak, silkmek.

    • Geýimiň tozanyny kakmak.

  4. Silkip gaçyrmak, yralap ýere düşürmek, urup düşürmek.

    • Tut kakmak, erik kakmak.

  5. Garbap almak, birdenkä silkip almak.

    • Elinde saklap durka, kakyp goýberdim.

  6. Degmek, galtaşmak.

    • Ol elime kakdy.

ganat kakmak

seret ganat

gaş kakmak

seret gaş

til kakmak

Jaň urmak, telefon etmek.

  • Nurmyrada til kak, ýetişsin durman! («Sowet edebiýaty» žurnaly)