Sähelçe degmek, galtaşyp geçmek, galtaşmak, süýkeşmek.
Awtomobil agaja kaklyşman geçip gitdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Piliň ýüzi gapynyň ýokarky işigine degip, sapy özüne gyltyz kaklyşan ýigidi entetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir oglana at toýnagy kaklyşyp, ony honda zyňyp goýberdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Golaýlaşmak, ýakynlaşmak.
Kaklyşsa garbap aljak.
seret göz
Ýaşyl ýapraklaryň arasy bilen göze kaklyşýan ýek-tük ak pamyklar ýylpyldaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ol hem meni gözi kaklyşandan tanady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Onuň gözleri derrew Baýrama kaklyşdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Hiç ýatmazlyk, uklamazlyk, irkilmezlik.