kakdyrmak işlik

  1. Üstünden urdurmak, urup girdirmek.

    • Gazyk kakdyrmak.

  2. Urup tozanyňy aýyrdyrmak, silkdirmek.

    • Kilim kakdyrmak.

  3. Göçme manyda Bir zady ýaňsa alyp aýtmak, degip aýtmak, çala degmek.

    • Sözüň gerdişi bilen, ol Mama biraz kakdyryp hem gördi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Urdurmak, çaldyrmak.

  5. Yraladyp, silkdirip, urduryp ýere gaçyrtmak, düşürtmek.

    • Men kakama howlymyzdaky erik agajyndan erik kakdyrdym.

  6. Duýman durkaň garbap aldyrtmak, birdenkä silkip aldyrtmak.

    • Bah, ýaňky bir dogry gelen awdy weli, elimden kakdyrdym-da!

  7. Degdirmek, galtaşdyrmak.

    • Men welosipedimi tas jaýyň burçuna kakdyrypdym.