kagyz ka‧gyz

[ka:gyz]

  1. Ýazmak, surat çekmek we ş. m. üçin agaçdan, pamykdan we şolar ýaly zatlardan taýýarlanan serişde.

    • Gadym wagtlarda, ýazuw ýüze çykmanka, goşgy kagyz ýüzüne ýazylmandyr. (A. Kekilow, Edebiýat teoriýasy)

    • Kagyzlaryň gyrasy ýyrtyk-ýyrtyk sahypalaryna el kiri düşüp, yz galdyryp gidipdir. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Iki tagta kagyz.

  2. Gepleşik dili Resmi hat, dokument.

    • Onuň eline iki barmak kagyz ýazyp berip goýberdiler. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Sähediň gerekli kagyzlar diýip hasaplaýan kagyzlarynyň hemmesi şu sanaçda ýerleşdirilýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

kagyz ýüzünde galmak

Iş ýüzüne geçirilmän galmak.

  • Kagyz ýüzünde galan karar hakda gürrüň etdiler.

lakmus kagyzy

Lakmusuň ergini siňdirilen filtrleýji (süzgüç) kagyz.

  • Kislota lakmus kagyzyna täsir edip, onuň reňkini gyzyl edýär. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)


Duş gelýän formalary
  • kagyza
  • kagyzda
  • kagyzdaky
  • kagyzdan
  • kagyzdanmy
  • kagyzdygyny
  • kagyzdyr
  • kagyzlar
  • kagyzlara
  • kagyzlarda
  • kagyzlardaky
  • kagyzlardan
  • kagyzlardyr
  • kagyzlarmyka
  • kagyzlary
  • kagyzlaryma
  • kagyzlarymda
  • kagyzlarymy
  • kagyzlarymyza
  • kagyzlarymyzdan
  • kagyzlarymyň
  • kagyzlaryna
  • kagyzlarynda
  • kagyzlaryndan
  • kagyzlaryny
  • kagyzlarynyň
  • kagyzlaryň
  • kagyzlaryňam
  • kagyzlaryňy
  • kagyzlaryňyza
  • kagyzly
  • kagyzmy
  • kagyzsyz
  • kagyzy
  • kagyzydyr
  • kagyzym
  • kagyzyma
  • kagyzymy
  • kagyzymyzyň
  • kagyzyn
  • kagyzyna
  • kagyzynda
  • kagyzyndan
  • kagyzyny
  • kagyzynydyr
  • kagyzynyň
  • kagyzyň
  • kagyzyňky
  • kagyzyňy
  • kagyzyňyzam
  • kagyzça