kabul

[kabu:l]

kabul bolmak

Makul bilinmek, ykrar edilmek; göterilmek.

kabul etmek

  1. Eliňe almak, almak.

    • Hatyja meniň beren narlarymy kabul etdi.

  2. Bir zadyň hataryna girizmek, sanyna goşmak, işe, okuwa we şuňa meňzeşlere götermek.

    • Ony öwrenje işgärler hatarynda fabrige işe kabul etdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  3. Gulluk wezipäň boýunça kabinetiňe ýa öýüňe gelmäge ygtyýar bermek.

    • Hökümet başlygy uzak ýerden gelen myhmanlary kabul etdi.

  4. Köpçülik bolup tassyk etmek, özüň makul bilmek, ykrar etmek, razylaşmak.

    • Karar kabul etdiler.

  5. Nazara almak, göz öňünde tutmak.

    • Şuny dostlukly maslahat hökmünde kabul edersiňiz diýip umyt edýäris.

  6. Alyş-beriş etmeklik netijesinde bir zadyň jogapkärçiligini öz üstüňe almak, «aldym» etmek.

  7. Sagaldyjy, şypa beriji zat hökmünde peýdalanmak.

    • Wraçyň maslahaty boýunça howa, gün, suw wannalaryny kabul etdim.