küti kü‧ti

Ýuka däl, galyň.

  • Suwdan çömük emele gelen küti hek gatyny görmek bolýar. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Döläniň bir böwrüne zyňlyp, çalam-çaş bolup ýatan bir küti kitap onuň eline ildi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem küti - kütüde, kütüler, kütüsi.


Duş gelýän formalary
  • kütiniň
  • kütüdi
  • kütüligi
  • kütülik