kütek sypat

  1. Kesgir däl, kesmezek, ötmezek.

    • Kütek päki. Kütek pyçak. Kütek orak. Kütek pyçak el keser. (nakyl)

  2. Göçme manyda Akyly ýiti däl, düşbi däl, körzehin.

    • Kim zehinli, kim kütek. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Kütek adamlar geljege seredenlerinde diňe işik bilen törüň arasyny görýärler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Men indi öz-özümi tanamaýan, yza galak kütek adam bolup barýaryn. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  3. Göçme manyda Çala görýän, gowy görmeýän, gözi kesmeýän.

    • Kütek gözli.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem kütek - kütegi.