kürte

  1. Aýallaryň başyna atylýan bejergili üstki geýimi.

    • Aýallar derrew täze kürte getirip, meniň başyma atdylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Aýna dini palasa saldyryp süýretmän, gyzyl kürtä çala bürenip, özi çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Iki goltugynyň aşagy bagjykly, iki ýan gapdaly dilik, çaga geýdirilýän üstki geýim.

    • Çaga kürtesi.