künjek

  1. Tamyň, jaýyň burçy.

    • Bagyň dürli künjeklerinden aýdym-saz sesi ýaňlanýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Merkezden uzakda ýerleşýän ýerler, çet.

    • Bu ýerde diňe bir biziň Watanymyzyň däl, eýsem ähli ýurtlaryň dürli künjeklerinden gelen adamlara-da duş gelinýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem künjek - künjegi.