kül at

Ýanan zatdan galan çal ýa-da gara reňkli, un ýaly galyndy.

  • Nabat eje Meredi işe ugradandan soň, hasyr-husur edip, içerileri syryşdyryp, külüni atdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Nebitçiler külün, tüssäniň nämedigini bir eýýäm unudypdyrlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Pul boldy, kül boldy. (nakyl)

  • Kül dökmedik ýeri ýok-ýaşamadyk, işlemedik ýeri ýok.

  • Gulluk meselesinde onuň kül dökmedik ýeri ýok. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem kül - külüm, külüň.

kül etmek

  1. Owratmak, maýdalamak, döwmek.

  2. Zarba urmak, ýok etmek, urmak.

    • Mergen ata, goýber meni, men mollajygyň agzyny kül edeýin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

küle dönmek

Un bolmak, maýda-maýda bolmak, owranmak.

küli sowuk

Ýürekden söýmeýän, gadyrsyz, mähirsiz.

külüni göge sowurmak

  1. Ýok etmek, derbi-dagyn etmek.

    • Ömrüňi kül etmek.

  2. seret ömür

    • Meniň gül ömrümi kül etdiň. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)