kükremek işlik

  1. Ser. Esremek.

    • Öýkün diýseň, ol ýaňy aýak biten gölejik hem kükräp duran iner hem bolup bererdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Iner agzyndan ak köpük saçyp kükräp çyrpynýar.

  2. Göçme manyda Gaharlanyp gaty gygyrmak, üstüne dyzamak.

    • Ýigrenen adamsyna şeýle bir şerebeli sözler bilen kükläp başlaýar welin, zada meňzeş däl. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Göçme manyda Pýan, mes bolup gürlemek, düblemek.

    • Arkaýyn bol, ol geler, onda-da kükräp geler. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)