küde

  1. Bede desseleriniň, ýandak petdeleriniň bir ýere ýygnalyp basylan üýşmegi.

    • Guranlaryny maşyn bilen çekip, küde ýasaýarlar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ýandagy bassaň küde bolar, bedäni bassaň -- pide. (nakyl)

  2. Göçme manyda Üýşüp ýatan zatlar, üýşmek.

    • Öňünde küde bolup ýatan kagyz papkalary bir ýana süýşürdi. («Kolhoz Günleri»)

    • Bir görseň, egrijiler sehinde küde bolup ýatan ýüplükli naýçalary gözden geçirýändir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)