küýli sypat

  1. Küýlenip ýören, ýüregine küý düşen, hyýally.

  2. Akyl taýdan näsag, ýetmezçilikli.

    • Ol edil küýli adam ýaly erjellik bilen ýapyşýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Käte küýli ýaly duran bir laldyr, Ýeňsesin tüňňerder gaty ketjaldyr. (A. Kekilow, Söýgi)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem küýli - küýlüde, küýlüler, küýlüsi.