köwmek işlik

Gazyp çukur etmek, oýmak, gazmak (köplenç bir zadyň düýbüni).

  • Sakgaly burjulap düşüpdir arryk, Guýrugy zürrelip bolupdyr tyrryk, Ölmegne az galan degipdir çerrik, Tapyň hine girse köwmek biläni. (Ata Köpek Mergen, Ýürek depderi)

  • Ol kepçesi bilen guýynyň böwşeňräk tarapyny köwüp başlapdy. (Myraly)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem köwmek - köwdüm, köwdüň, köwüpdir.