köwüş at

  1. Teletinden tikilýän apgyrtsyz, beýik ökjeli aýakgabyň bir görnüşi.

    • Aýagyna gyrma köwüş geýen aýal içerik girdi.

  2. Gonçsuz aýakgaplaryň umumy ady.

    • Köwşümi şeýle bir süpürişdiriň ýüzünde ýüzüm görünsin. («Tokmak» žurnaly)

    • Bahar köwşüniň burnuna seredip, azajyk sagyndy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem köwüş - köwşüm, köwşüň, köwşi.

köwüş tozdurmak

Bir zadyň ugrunda köp ylgamak, uzak wagtlap ýörmek, alakjamak.


Duş gelýän formalary
  • köwüş-de
  • köwüşde
  • köwüşden
  • köwüşdir
  • köwüşler
  • köwüşlerden
  • köwüşlerdir
  • köwüşleri
  • köwüşlerine
  • köwüşlerini
  • köwüşleriniň
  • köwüşleriň
  • köwüşli
  • köwüşsiz
  • köwüşçe
  • köwşe
  • köwşem
  • köwşi
  • köwşüm
  • köwşümem
  • köwşümi
  • köwşümiz
  • köwşümizi
  • köwşümiň
  • köwşün
  • köwşünde
  • köwşünden
  • köwşüne
  • köwşünem
  • köwşüni
  • köwşüniň
  • köwşüniňem
  • köwşüň
  • köwşüňi
  • köwşüňiz
  • köwşüňiziň