köseleç

[kö:seleç]

Sakgal-murty selçeň, köseräk.

  • Iki çekgesinde tozgalap duran köseleç sakgaly bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Bagşylardan köseleç biri wäşilige saldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem köseleç - köseleji.