körpeç

Owlak-guzy salmak üçin agaçdan kepbe edilip ýa-da ýerden gazylyp taýýarlanylýan ýörite ýatak.

  • Guzulary körpeçlere, agyla, öýümize-de daşaýmaly bolduk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Körpeçleriň bolmagy maldarlaryň işini ýeňilleşdirýärdi. («Kolhoz Günleri»)

  • Dik körpeç.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem körpeç - körpeji.