körpe1

  1. kiçi, iň soňky bolan (çaga, owlak, guzy we ş. m. hakda).

    • Ol özüniň körpe doganynyň tirkeşip gezen deň -- duşuny görende, öz doganyny ýatlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Jeren şol wagt sen körpediň. (G. Seýitliýew, G. Muhtarow, Çopan Ogly)

  2. Heniz ösüp ýetişmedik, ýaş.

    • Bu ýerler bolsa körpe ekinler üçin. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

körpe2

Oturylanda ýa gyşaryp ýatylanda aşaga düşelýän ýumşak kiçiräk düşek.

  • Meni göterip alyp gidip, öz öýünde bir mahmal körpäniň üstünde ýatyrdy. (Myraly)