körlük

[kö:rlük]

  1. Gözüň kör bolmaklyk, görmekden galmaklyk ýagdaýy, görüş organyndan mahrumlyk.

    • Körlük bilen öwrenişen Annagül sessiz aglady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Göçme manyda Sowatsyzlyk, nadanlyk.

    • Sapa, okuwsyzlyk -- körlükdir. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem körlük - körlügi.