körük

[kö:rük]

  1. Demirçi ussalaryň ot ýakmak üçin ýel berýän sanajy.

    • Ussa körügini basyp duran ýerinden, gözüni adamçy erkegiň gözi ýaly edip, gaňrylyp seretdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ullakan körük wassyk-wassyk edip dem alýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Tamdyryň düýbündäki howa girýän deşik.

    • Tamdyryň körügini açyk goýmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem körük - körügi.

belanyň (belaň) körügi

seret bela

  • Belaň körügi meniň özümde. (N. Pomma Sebäbini soň bildim)

  • Daňatar sen hem şunuň ýüzüni ýuwjak bolma, belaň körügi şundadyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)