[kö:r]
Göreçden galan, görmek ukybyndan mahrum bolan, gözi hiç zat görmeýän.
Bir ker, bir kör, bir ýalaňaç -- üçüsi ýoldaş bolupdyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Mynasypmy, dälmi satdylar köre, Gül ýaly gyzlary har eden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Ker eşidenini biler, kör -- tutanyny. (nakyl)
Hemsaýaň kör bolsa, gözüňi gyparak. (nakyl)
Körüň bar bileni iki gözi. (nakyl)
Kör hasasyn bir aldyr. (nakyl)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem kör - körüm, körüň.
seret iş
Seniň çakylygyňy eşidip, gyssagly işlerimi-de kör edil geldim. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Näme bolsaň şol bol, saňa geregi-de şol.
Biz hem saňa buýrup bilmesek, kör bolaly. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Sowatsyz galmak, okuwsyz galmak.
Emma sen, Muhammet, okamadyň, kör galdyň. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
seret keýp
Esen kör keýp bolup, yzyna döndi. («Pioner» žurnaly)
seret köpük
Agşamlary, ýatak ýeriňe köwleneňok öýe getirýän kör köpügiň ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Körüň eline büre düşen ýaly etmek -- mäkäm saklamak, pugta tutmak, sypdyrman saklamak.
seret näme
Şunuň ýaly entäp nä körüň bar diýsene! (N. W. Gogol, Eserler)
seret şowa