Derýanyň, demir ýoluň, ýabyň we ş. m. üstünden geçip gitmek üçin gurulýan desga.
Suwuň köprüsine baran badyňa ol jaý özüni saňa tanadar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
«Köprüde düýäň ulusy taýak iýer» diýlişi ýaly ol işini oňarmadyk wagty bizi kötekleýär. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem köpri - köprüde, köprüler, köprüsi.
seret geçmek